Dünyäde her kimin öz gylygy bar

Türkmen Edebiyatı
2

ŞİİR


1

TAKİPÇİ

Dünyäde her kimin öz gylygy bar

Gurbannazar EZIZOW

Dünýäde her kimiň öz gylygy bar...

Dünýäde her kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary saýlap seçgin diýdiler.
Edep-sypaýyçylyk adamy bezär,
Mydam gödeklerden gaçgyn diýdiler.

Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm,
Gödekligem meni kowalap ýörmedi.
Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,
Oň nä derdi asyl gaty görmedi.

Sypaýy diýlenler bolýar her hili
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durkam, kastlary bar ýaly,
Sypaýylygymyň dulugyna çaldylar.

Sypaýyçylyk bilen hormat etdiler.
Sypaýyçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýyçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýyçylyk bilen etdiler baryn.

Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,
Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk,
Ajyň ýokmy — süýjüňe-de garaşmaz.

Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi,
Göriplik hem juda-juda küteklik
Ýaly gylyk-häsiýet duş gelýän güni,
Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?

Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýyçylykdan,
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.

Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!

Türkmen Edebiyatı
Kayıt Tarihi : 13.8.2017 19:06:00
Yıldız Yıldız Yıldız Yıldız Yıldız Şiiri Değerlendir
Yorumunuz 5 dakika içinde sitede görüntülenecektir.

Bu şiire henüz hiç kimse yorum yapmadı. İlk yorum yapan sen ol!

Türkmen Edebiyatı